in gowy goryan gushgylarymyn biri 👍 "YASHLYK DRAMASYNA" goshulmadyk bentler. (shahyryñ arhiwinden)
Ne-hä eshik bardy, ne-de bir çörek,
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Söýüshmäge ýürek gerekdi, ýürek,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ.
Shonda-da käteler bälçiräp içgin,
Diýerdik: "Söýüshmek hemme wagt mümkin,
Öýlenmek - gerek zat köpelmek üçin,
Urshuñ gazap wagty,
Adam az wagty!..."
Bir ýyllap degmändi lebiñe lebim,
Diñe gatyshypdy demiñe demim.
Soñ bir gün bozuldy beýle edebim,
Meniñ Jeýhun wagtym,
Seniñ ýaz wagtyñ.
Bushlap Ýeñish bilen gutaran urhsy,
Aldygna ýüwürdim öýñüze garshy.
Bushlugmy lebiñden üzüldim ýagshy,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ...
Urush ýeñish bilen boldy-da tamam,
Iñ ilkinji soldat dolandy aman.
Sholdy ilki posa ilki bahanam,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ...
Sagymyz - derýady, çepimiz gaçy,
Toraññyñ saýasy. Awgustyñ 3-i.
Birden dolup gitdi gujagmyñ içi,
Meniñ bürgüt wagtym,
Seniñ gaz wagtyñ.
Gijeler adyñy nagsh edip shygra,
Gündizler özüñi basardym bagra.
Emma arzuwlarmyz barmady ugra,
Meniñ ýigit wagtym,
Seniñ gyz wagtyñ
#goshgular